Şu günler Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — ynsanperwerlik we bitaraplyk» atly duşuşygy üstünlikli tamamlandy.
Duşuşyk tamamlanandan soň Täjigistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýilnamalaşdyrmak boýunça milli utgaşdyryjysy Dilorom Mirowa Turkmenportalyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde şeýle gürrüň berdi:
«Täjigistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti häzirki zaman ynsanperwerlik ulgamdaky kynçylyklara netijeli jogap bermek maksady bilen guralan şu duşuşyga gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.
Maslahata gatnaşmak bize ynsanperwer ýagdaýlara we olaryň netijelerine jogap bermek boýunça milli jemgyýetleriň bilim we garaýyş alyşmak tejribesini baýlaşdyrdy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda ynsanperwer diplomatiýanyň möhüm ugurlary, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de milli jemgyýetleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen sanlylaşdyrma meseleleri hem bar.
Täjigistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti çykyşlarynda we tanyşdyryşlarynda ýurdumyzyň ýüzbe-ýüz bolýan çökgünlik ýagdaýlary barada gürrüň berdi, elýeterli serişdeleri beýan etdi hem-de ilatyň ejiz gelýän zatlaryny azaltmak we adam ömrüni gorap saklamak üçin birnäçe ugurda işleriň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek isleýäris. Şahamçalaryň ulgamyny ösdürmek, girdeji getirýän işler hem-de meýletinçilik ulgamyny giňeltmek ýaly möhüm ugurlarda tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyga döredilen mümkinçilik üçin biz diýseň şatdyrys.
Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyrys we hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy baglaşmaga mümkinçilik döredilse, minnetdar bolarys. Şeýle hem çökgünlik ýagdaýlarynda ilatyň ejiz toparlarynyň ýaşaýyşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary meýilleşdirmegi teklip edýäris.
Türkmenistandaky saparymyz hakynda aýratyn belläp geçmek isleýärin. Aşgabat şäheri öz gözelligi, binagärlik sazlaşygy we arassalygy bilen bizi haýran galdyrdy. Ýöne iň täsirli zat — türkmen halkynyň myhmansöýerligi, ýürekden gelen mähirli we merdanalyk häsiýetidir. Myhmanlara berilýän üns, ýyly we hoşniýetli gatnaşyk — bu halkyň milli medeniýetiniň aýdyň beýany bolup, biz ony her ädimde duýduk. Şol sebäpli Türkmenistandaky saparymyz aýratyn ýakymly we ýatda galyjy boldy».
Şeýle hem ýatladyp geçsek, ýokarda agzalan duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti hem-de Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi.
