Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň iki sany hünärmeni 2-3-nji sentýabrda Gyrgyzystan Respublikasynyň Yssyk-Kul welaýatynyň Baet obasynda geçirilen «Gümrükde emeli aň» atly ikinji halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Bu çäre Gyrgyzystan Respublikasynyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan GIZ halkara guramasy hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraldy.
Maslahatda oňa gatnaşyjylar gümrük işinde emeli aňyň ulanylmagynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Serhetüsti söwdanyň howpsuzlygyny we aç-açanlygyny ýokarlandyrmak, gümrük amallaryny çaltlaşdyrmak, ýokary töwekgelçilikli ýükleri netijeli kesgitlemek we harytlaryň bikanun söwdasyna garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn üns berildi.
Iki gün dowam eden çäräniň çäginde gatnaşyjylar emeli aňy durmuşa geçirmekde tejribe alyşdylar, hakyky mysallary ara alyp maslahatlaşdylar, üstünlikli taslamalaryň sapaklaryny öwrendiler we gümrük işlerinde emeli aňy giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar diýlip, çeşmede bellenilýär.
