Wilnýusyň howa menzili asmanda näbelli uçýan obýekt sebäpli işini togtatdy diýip, Litwanyň Krizisleri dolandyrmak boýunça Milli merkezine salgylanýan «Delfi» portaly habar berdi.
«Oro navigacija» kompaniýasy Wilnýusyň howa menziline uçýan obýekt barada habar berenden soňra, sişenbe güni irden uçuşlar howpsuzlyk çäreleri bilen baglylykda, saklandy» diýlip, habarda bellenýär.
Makalada uçýan näbelli zadyň nämedigi aýdylmaýar. Emma merkez ýolagçylara meýilleşdirilen uçuşlaryň wagtyny anyklamak üçin awiakompaniýa ýüz tutmagy maslahat berdi.
