Sebitde iş alyp barýan öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň biri bolan «Çalık Holding» 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň («TIF-2025») Baş hemaýatkäri bolar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan bu ähmiýetli çäre işewür toparlaryň, döwlet düzümleriniň hem-de maýa goýum jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy wekillerini özünde jemläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi we maýa goýumlary çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.
1981-nji ýylda Ahmet Çalyk tarapyndan esaslandyrylan «Çalık Holding» häzirki wagtda 30-dan gowrak ýurtda üstünlikli iş alyp barýar. Holding energetika, gurluşyk, magdan senagaty, dokma we maliýe ulgamlarynda sebit bazarynda öz ornuna eýe. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri, bu konsern ýurduň gurluşyk, infrastruktura, energetika we dokma pudaklarynda uly taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. «Çalyk Holding» öz işlerini «Gap İnşaat», «Çalık Enerji» we «GAP CLK Worldwide» ýaly golçur kärhanalary arkaly alyp barýar.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda – «TIF-2025-de» Çalık Holding özüniň soňky gazanan üstünliklerini, amala aşyrylýan taslamalaryny we maýa goýum tekliplerini tanyşdyryp, türkmen bazaryndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär.
