Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing Co.» aerokosmiki konserni geçen awgust aýynda müşderilerine 57 sany işewürlik uçaryny ýerledi, bu 2018-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Şol sanda «Boeing» awgustda müşderilerine «737 MAX» howa gämileriniň 42-sini ýerledi. Iýulda kompaniýa 43 uçar satdy.
«Boeing» ýanwar-awgustda 385 uçary ýerledi we bu tutuş 2024-nji ýyldakydan (384 uçar) köpdür.
Kompaniýa şeýle-de ýanwar-awgust aýlary aralygynda 725 uçara sargyt alandygyny, olaryň 46-synyň bolsa ýatyrylandygyny habar berdi.
