Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew gulluk iş saparynyň çäklerinde Reýnland-Pfals federal sebitiniň paýtagty Maýns şäherinde birnäçe duşuşyk geçirdi. Duşuşyklara Germaniýanyň Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik boýunça ministrligiň döwlet sekretary Petra Dik-Walter hem-de Reýn-Hessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň GFR-däki konsullygy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitleýin söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewür toparlaryň arasyndaky gönüden-göni gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, energetika, himiýa senagaty, oba hojalyk pudagy, farmasewtika, biotehnologiýa, maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Reýnland-Pfalsyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar. German tarapy Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat bilen tanyşdyryldy. Ýakyn geljekde ikitaraplaýyn saparlary hem-de bilelikdäki işewür çäreleri gurnamaga özara gyzyklanma bildirildi. Hususan-da, 42 müňden gowrak agza kärhanalary birleşdirýän Reýn-Hessen Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewür toparlary bilen gatnaşyklar ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.
