Ozal habar berşimiz ýaly, 6 — 8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýranda saparda boldy. Saparyň çäginde wekiliýet Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg we «Eýranyň Demir ýollary» guramasynyň başlygy Jabar-Ali Zakeri bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.
Duşuşyklarda demir ýol hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Farzane Sadeg demir ýol ulagynyň howpsuz we durnuklydygyny nygtap, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda üstaşyr gatnawlaryň ösdürilmeginiň sebit söwdasyna täze itergi berjekdigini belledi.
Ministriň bellemegine görä, Eýran Türkmenistanyň gatnaşmagynda üstaşyr daşamalaryň möçberini 20 million tonna ýetirmegi maksat edinýär. Şol möçberiň 6 million tonnasyny demir ýol arkaly üpjün etmek göz öňünde tutulýar. F.Sadeg bu maksada ýetmek üçin iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny kämilleşdirmegi teklip etdi.
Türkmeni wekiliýeti Akýaýla — Inçeburun geçelgesine baryp, infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen tanyşdy. Ministr M.Akmämmedow Eýran — Türkmenistan — Gazagystan ulag geçelgesiniň ähmiýetine ünsi çekip, Inçeburunyň geçiriş ukybyny artdyrmak üçin iki sany giň gollanýan demir ýol ugrunyň guruljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly bu geçelge Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasyndaky söwda üçin möhüm hyzmatdaşlyk nokady bolup durýar.
Taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) çäginde hem-de halkara ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Şeýle-de, Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan ugruny ösdürmegiň sebitleýin ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygy nygtaldy.
