Germaniýada gartaşan erkek kişi dört gün liftde galdy. Ony halas etmek başartdy diýip, «Radio RST» radioýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Waka Osnabrýuk şäherinde boldy. Ejir çekeni onuň oglunyň habar bermegi bilen tapdylar. Ol kakasynyň jaňa jogap bermeýändiginden ynjalyksyzlanyp, polisiýa ýüz tutupdyr. Hukuk goraýjylar gojanyň ýaşaýan salgysyna baryp, öýüň gapysyny açýarlar. Şol pursat olar liftden gelýän ysgynsyz iňňildini eşidipdirler. Liftiň kabinasyny açanlarynda, ol ýerden halys suwsuzlykdan tebsiräp ýatan gojany tapýarlar.
Erkek kiş togy goraýjynyň ýanmagy sebäpli liftde galypdyr. Netijede, diňe liftiň otagynyň gapysy gulply galman, eýsem, dessin çagyryş düwmesi-de işlemändir. Otagda howa bolmagy üçin goja kişi onuň gapysyny döwüpdir, emma daşyna çykmaga mejaly galmandyr.
Ejir çekeni hassahana eltdiler, oňa zerur kömek berildi. Onuň janyna howp ýok diýlip, habarda aýdylýar.
