Eger-de siziň tomusky eýwanyňyz bar bolsa, onda maýyl günleriň başlanmagy bilen ol, gümansyz, dynç almak we hatda işlemek üçin iň gowy görýän ýeriňize öwrüler. Onuň uludygy ýa-da kiçidigi möhüm däl, çünki şähdiňi açmak üçin, esasan, amatly gurşaw gerek. «Ak Gaýa» dükany eýwanyňyzy iň amatly we ajaýyp giňişlige öwürmäge kömek etjek birnäçe ýönekeý, ýöne netijeli maslahatlary hödürleýär.
Ýumşak yşyklandyryş – rahat gurşawyň girewi. «Ak Gaýanyň» hünärmenleri eýwanda pes, ýaýraň yşyklandyryşy ulanmagy maslahat berýärler. Ýyly yşykly girlýandalar, kiçijik yşyklandyryjylar ýa-da stol çyralary agşam dynç almak hem-de gürrüňdeşlik üçin amatly we rahat gurşaw döreder.

Ýylylyk we rahatlyk üçin dokma önümleri. «Ak Gaýanyň» hünärmenleriniň pikiriçe, dokma önümleri artykmaç çykdajy talap etmezden, eýwanyň keşbini üýtgedip biler. Dürli şekilli we ululykdaky ýumşak ýassyklar, aýaklaryňyzyň aşagynda goýmak üçin oňaýly halyçalar we ýyly ýorganlar rahatlyk hem-de howpsuzlyk duýgusyny döretmäge kömek eder. Dokma önümleriniň reňkiniň hem-de taýýarlanan matasynyň dürli bolmagy açyk meýdançaňyza özboluşlylyk we stil goşar.
Örülen mebel – stil we ulanyşda amatlylyk. «Ak Gaýada» örülen mebelleriň ýeňilligi, berkligi we estetiki keşbi netijesinde, eýwan üçin örän amatlydygyny belleýärler. Rotangdan ýa-da emeli rotangdan ýasalan kürsüler, stollar ýa-da diwanlar tebigy gurşaw bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär hem-de ýeňillik we erkinlik duýgusyny döredýär.
Rahatlanmak we lezzet almak üçin ýumşak hiňňildikler. «Ak Gaýanyň» teklip edişi ýaly, ýumşak asma hiňňildikleri ýa-da tor sallançak-kürsüni ýerleşdirmek eýwanyňyzda dynç alyş burçuny döretmegiň ajaýyp usuly bolar.
«Ak Gaýa» dükanynyň bu ýönekeý maslahatlaryna eýerip, her kim eýwanyny ýylyň maýyl aýlarynda rahat we özüne çekiji ýere öwürip biler. Biraz döredijilikli pikirlenmek hem-de «Ak Gaýada» tapyljak dogry bezeg elementlerini ulanmak maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen ýakymly wagt geçirmek ýa-da ýekelikde dynç almak üçin ajaýyp giňişlik döretmäge kömek eder.
Ähli alyjylara 3 ýyl möhlet bilen karz berilýär.
Öýüňizi abadanlaşdyrmak we ajaýyp eýwan döretmek üçin gerek bolan ähli zerur zatlary şu salgyda ýerleşýän «Ak Gaýa» dükanyndan tapyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial ulgamdaky sahypasy.
