Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynyň zenan ýaşaýjysy ýiten adamsyny ýedi ýyldan soňra sosial torda çap edilen wideo arkaly tapdy, äri wideoşekilde başga bir zenan bilen bagtyýar görünýärdi. Onuň dereksiz ýitendigi barada işi ýapan polisiýa derňewi gaýtadan dikeltdi hem-de erkek kişini öýüne dolap getirmäge söz berdi diýip, «Deccan Herald» gazeti ýazýar.
Ýagny Jitendra diýen erkek kişi öz halaşýan gyzy Şila 2017-nji ýylda öýlendi. Bir ýyldan aýaly hamyla bolansoň, äri gürüm-jürüm boldy. Polisiýa gözlege başlady, emma gaçgak erkegi tapmagy başarmady. Netijede, işi ýapmaly boldy.
Görlüp oturylsa, adamsy başga zenanyň ýanyna gaçan ekeni. Muny kän ýyldan soňra sosial torda çap edilen wideo arkaly anyklamak başartdy. Şila wideolentany görüp oturan çagy tötänden öz adamsynyň Penjap ştatynda başga zenan bilen wagtyny hoş geçirip oturandygyny gördi.
Şila öz «tapyndysy» barada dessine polisiýa habar berdi, işi täzeden açdylar. Polisiýanyň wekili Jitendrany birnäçe günde yzyna getirjekdigini wada berdi. Jitendra öz ýitirim bolmagyny gurnandygy üçin nähili jezanyň garaşýandygy habar berilmeýär.
