Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky (ÝHHG) ýörite wekili Terhi Hakala Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparynyň dowamynda ol Aşgabatdaky ÝHHG merkezine baryp, guramanyň işgärleri hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Guramanyň edarasyna eden saparynyň çäklerinde Terhi Hakala bag nahalyny hem oturtdy — diýip, X sosial sahypasynda habar berilýär.
Mundan öň, 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Terhi Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň çägindäki syýasy, ykdysady-ekologiki hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem adam hukuklaryny goramak we demokratik institutlary berkitmek babatda tejribe alyşmagyň dowam etdirilmeginiň zerurlygy bellendi. Ministr Meredow hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Terhi Hakala minnetdarlyk bildirdi we Finlýandiýanyň ÝHHG-nyň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ornuny aýratyn belledi.
