Gazagystan öňdäki üç ýylda doly sanly ýurt bolmalydyr. Bu barada ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew halka her ýylky Ýüzlenmesinde aýtdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Tokaýewiň sözlerine görä, emeli aňyň ösdürilmegi adamlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň özlerini alyp baryşlaryna we ýaşaýşyna täsir edýär. Täze ministrlige Premýer-ministriň orunbasary derejesindäki hünärmen ýolbaşçylyk etmelidir. Prezident emeli aňyň ähli ulgamlarda girizilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Ol munuň üçin Sanly kodeksiň kabul edilmegini tizleşdirmegiň gerekdigini-de sözüniň üstüne goşdy. Gazak lideri bu ulgamda gijä galmagyň agyr netijelere getirip biljekdigini, sanlylaşdyrmagyň önümi hökmünde «Alatau City» şäher taslamasynyň amala aşyryljakdygyny belledi.
Respublikanyň döwlet Baştutany golaý on günde degişli Permanyň nusgasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
