5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Welikiý kamen» senagat parkyna baryp gördi. Saparyň dowamynda ol seýilgähiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi hem-de iki ýurduň işewürler düzümleriniň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga gatnaşanlar iki ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlar: ýangyç-energetika toplumy, ýokary tehnologiýalar we oba hojalygy pudaklarydyr.
«Welikiý kamen» senagat parky 117,6 inedördül kilometrlik meýdany öz içine alýan aýratyn hukuk ýagdaýly çäk bolup, işewürlik üçin amatly şertleri üpjün edýär. Senagat parkyň çäginde önümçilik we ýaşaýyş zolaklarynyň, ofisleriň, söwda-dynç alyş toplumlarynyň, maliýe hem-de ylmy-barlag merkezleriniň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň esasy maksady – ýokary eksport mümkinçilikli, innowasion we bäsdeşlige ukyply önümçilikleri öz içine alýan häzirki zaman halkara ekologiýa şäherini gurmakdyr.
Senagat parkyň dahylly wekilleri hökmünde islendik ýurtlaryň maýasy bilen döredilen kompaniýalar hasaba alnyp bilner. Belarus döwleti dünýä bazarynda maýa goýujylar üçin güýçli bäsdeşlik ýagdaýyny göz öňünde tutup, parkyň dahylly wekilleri üçin milli kanunçylyk bilen bilelikde halkara şertnamalar we borçnamalar arkaly kepillendirilen amatly maýa goýum gurşawyny döretdi.
Maýa goýujylara taslamalary taýýarlamak we gurluşyk işlerini alyp barmak üçin ähli zerur inženerçilik-ulag infrastruktura, aragatnaşyk ulgamlary we birikdirme nokatlary bilen üpjün edilen ýer bölekleri kärendesine ýa-da hususy eýeçilige satyn almak mümkinçiligi hödürlenýär. Şeýle hem kompaniýalar gysga wagt aralygynda önümçilik işlerini ýola goýmak üçin ähli zerur infrastruktura bilen üpjün edilen nusgawy önümçilik binalaryny kärendesine ýa-da hususy eýeçilige alyp bilýärler — diýip, çeşmede bellenilýär.
