Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mähri Berdiýewa ýapon dili boýunça özüniň ýiti zehini we ukyp başarnygy netijesinde 3 — 18-nji sentýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherine okuw saparyna gitmek mümkinçilik gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bu maksatnama «Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýada okuw» diýlip atlandyrylyp, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan üç tapgyrdan ybarat bolan synaglaryň üsti bilen iň ökde talyp saýlanylýar.
2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýapon dilini öwrenýän talyplaryň arasynda suhangöýlük bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Häzirki wagtda ol Ýaponiýada dünýäniň beýleki döwletlerinden gelen ýapon dilini öwrenijiler bilen ýapon dili sapaklaryny, ýapon medeniýetini öwrenýärler. Şeýle-de Ýaponiýanyň taryhy ýerlerine ýörite syýahatlara gidýärler.
