Ýaponiýada ýurduň Premýer-ministri wezipesine ilkinji gezek zenan saýlanyp biler. Bu barada «Reuters» habarlar agentligine salgylanýan «Report.az» habar berdi.
Habarda häzirki Premýer-ministr Sigure Isibanyň wezipesinden gitmek karary bilen baglylykda, dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň liderligine hem-de hökümetiň başlygy wezipesine dalaşgär hökmünde Sanae Takaiti iň amatly hasaplanýar.
Öň ykdysadyýet ministri we DIM-niň başlygy bolup işlän 64 ýaşly Takaiti eger wezipä saýlansa, ol Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji zenan Premýer-ministr bolar.
Takaiti soňky saýlawlarda Sigure Isibadan 21 ses az alyp, ýeňlipdi.
