Aşgabatdaky «Altyn Zaman» söwda merkezinde meşhur «Paul & Shark» monobrend dükany täzelenen görnüşde açylyp, onuň bilen bilelikde «Santoni» we «Barrett» ýaly ýokary derejeli aýakgap kolleksiýalaryny, şeýle hem «Marchesato» haryt nyşanly nepis saýawanlary hödürleýän täze multibrend söwda nokady hem ulanylmaga berildi.

Çärä gatnaşmaga gelen myhmanlara «Paul & Shark» brendiniň täze kolleksiýasy bilen tanyşdyryldy, şeýle hem dükanda döredilen häzirki zaman stilindäki täze interýer görkezildi. Häzirki zaman modasynda bar bolan ugurlar baradaky erkin söhbetdeşlikler we tagamlaryň hödürlenmesi açylyş dabarasynyň ýakymly gurşawyny has-da baýlaşdyrdy.

Çäräni guraýjylar dükanlaryň açylmagy «Altyn Zaman» söwda merkeziniň kaşaň harytlaryň brendleri üçin ýöriteleşdirilen giňişlik hökmünde ösüşinde möhüm ädim bolandygyny bellediler. Täze söwda nokatlary nepis stiliň muşdaklary üçin niýetlenip, paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna özboluşly harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Salgysy: A. Nowaýy köçesi (2022), «Altyn Zaman» söwda merkezi, 2-nji gat, Aşgabat, Türkmenistan
