Los-Anjelesiň polisiýasy jemgyýetçiligiň nägilelik bildirmegi bilen baglylykda, ýurduň öňki wise-Prezidenti we ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlarynda demokratlardan öňki dalaşgär Kamala Harrisiň howpsuzlygyny üpjün etmegi bes etdi. Bu barada «Los Angeles Times» gazetine salgylanýan TASS habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, 6-njy sentýabrda ýerli polisiýa işgärlerini bu wezipäni ýerine ýetirmekden boşatdylar.
«Los Angeles Times» gazeti öň amerikan Prezidenti Donald Tramp Harrisi döwlet goragyndan mahrum edenden soňra onuň howpsuzlygyny wagtlaýyn üpjün etmek bilen, şäher polisiýasynyň 12 işgäriniň meşgullanjakdygyny habar beripdi. Gazet hem-de Los-Anjelesiň polisiýasy bu pikiri tankyt etdi, olar Prezident saýlawlarynda ýeňlen, birnäçe öýüň eýesi kiçi millioner dalaşgäri goramagyň deregine raýatlaryň goragynyň möhümdigini nygtadylar.
Awgustyň aýagynda Tramp Harrisi ABŞ-nyň Gizlin gullugy tarapyndan amala aşyrylýan döwlet goragyndan mahrum etmek barada buýruk berdi.
