Awstraliýanyň banky öz işgärleriniň sanyny azaltdy, olaryň bir bölegini emeli aňa çalyşdy. Işden boşadylanlaryň biri bankda 25 ýyl işläp gelýän 65 ýaşly Ketrin Salliwan boldy.
Britaniýanyň «The Sun» gazetiniň habaryna görä, Salliwan emeli aňyň esasynda müşderileriň ýüztutmalaryny işlemek we täze tehnologiýalary synag etmek bilen meşgullanypdyr. Ulgam işe goýberilenden soňra, bank emeli aňyň müşderileriň ýüztutmalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, işgärleriniň sanyny azaltmak kararyna gelipdir, olaryň hatarynda Salliwan hem işden boşadylypdyr.
Emma biraz wagtdan soňra neýroulgamyň ýokary iş ýüküne tap getirip bilmeýändigi anyklanypdyr we işgärleriň bir bölegini yzyna çagyrmak kararyna gelnipdir. Emma Salliwan täze hödürlenen wezipäniň geljeginiň ýokdugy bilen baglylykda, teklipden ýüz öwrüpdir diýlip, habarda bellenýär.
