Paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümhanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Täze önümçilik gurluşyk materiallaryna bolan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we goşmaça iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işgärleri bar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bu täze senagat kärhanasynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat berdi.
Dabara döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.