Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigure Isiba iş başyndan gitmek kararyna geldi, bu barada ýurduň NHK teleýaýlymyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, Hökümet başlygy ýurdy dolandyryjy Liberal-demokratik partiýada (LDP) bölünişiň öňüni almak üçin şeýle karara geldi.
Iýulda Isibanyň ýolbaşçylygyndaky LDP saýlawlarda Parlamentiň ýokary palatasyna orunlaryň köpüsini ýitirdi.
