Hytaýda meşhur jahankeşdelik ýerlerini, nobatlaryň we syýahatçylaryň arasynda gapma-garşylyklaryň öňüni almak maksady bilen, fotosurata düşürmek üçin wagta çäklendirme girizdiler.
Ýagny Szýansi ulkesiniň Uýuan uezdindäki Huanlin ajaýyp tebigy ýerinde täze düzgünleri girizdiler, oňa görä, her bir jahankeşdä fotosurata düşürmek üçin bir minut berilýär. Täze çäklendirme ajaýyp ýerleri surata düşürmek isleýän jahankeşdeleriň köpdügi bilen baglydyr. Şunda çäklendirme jahankeşdeleriň sanynyň has artýan möwsümlerinde hereket edýär.
Öň surata düşürmek üçin has oňaýly ýerleriň üstünde jedelleşen jahankeşdeler barada habar berlipdi. Hytaýyň beýleki sebitleri hem şeýle çäreleri girizýärler. Mysal üçin, Şandun ülkesindäki Lunçžuaşan seýilgähinde surata düşürmek üçin 30 sekunt wagt kesgitlendi diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
