Tailandyň Parlamenti «Phumçaýthai» partiýasynyň öňbaşçysy Anuthin Çanwirakuny ýurduň Premýer-ministri wezipesine tassyklady. Bu barada «Thai PBS» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Çanwirakun indi ýurduň 32-nji Premýer-ministri bolar. Ol «Phyu Taý» partiýasyndan dalaşgär Çaýkasema Nitisiriden üstün çykmagy başardy. Onuň üçin parlamentarileriň 311-si ses berdi, 152-si garşy çykdy, 27 adam saklandy.
Anuthin Çanwirakun wezipede öňki Premýer-ministr Phethongthan Çinawaty çalyşdy.
