Adyny gizlin galdyran braziliýaly işewür «Santos» futbol toparynyň hüjümçisi Neýmara umumy möçberi 1 milliard dollar töweregi miras galdyrdy. Bu barada «Terra» portaly habar berdi.
Futbolça bu ummasyz mirasy bagyş eden telekeçi saglygynyň ýaramazlaşandygyny, şeýle-de özüni jemgyýet tarapyndan kemsidilen hasaplaýandygyny aýdypdyr. Ol özüniň hemişe Neýmara meňzäsiniň gelendigini, onuň akýürekli adamdygyny nygtapdyr. Resminama 2023-nji ýylda düzülip, ol iki şaýadyň we notariusyň wekiliniň gatnaşmagynda tassyklanypdyr.
Futbol oýunçysyna gozgalmaýan emläkler, maýa goýumlar we kompaniýanyň paýnamalary galar. Emma Neýmar heniz bu garaşylmadyk mirasdan bihabar. Onuň wekili miras hakynda resmi habarnamanyň gelmändigini aýtdy.
Neýmaryň öz emlägi häzir 1 milliard dollardan hem köp diýlip, habarda bellenýär.
