Şu gün Aşgabadyň şäherinde GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy öz işini dowam etdirdi.
Çäräniň dowamynda GDA ýurtlarynda bar bolan häzirki zaman ynsanperwer meseleler we olary çözmegiň ýollary, döwlet düzümleri bilen hyzmatdaşlyk tejribesi hem-de milli jemgyýetleriň öz mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem duşuşykda milli jemgyýetleriň meýletinçilik hereketini ösdürmekde we girdeji getirýän işjeňlikleri ýola goýmakdaky tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli jemgyýetleriň wekilleri öz tejribeleri bilen paýlaşdylar, pikir alyşdylar we bu ugurlarda tekliplerini beýan etdiler diýip, «Turkmenportal» habar berýär.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti we Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalara gol çekdi.

Ähtnamalara gol çekmek dabarasy şu günki duşuşygyň esasy wakasy boldy.
Bu resminamalaryň esasynda ynsanperwer we Düzgünnama laýyklykda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

TGÝMJ-niň halkara bölüminiň ýolbaşçysy Witaliý Zatsepiniň bu barada şeýle belleýär:
– Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti üçin möhüm waka boldy. Bu resminamalaryň çäklerinde biz hyzmatdaşlarymyz bilen adamlaryň bähbidine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary ösdürmäge çalşarys. Munuň özi adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olara jogap bermek, keselleriň öňüni almak, meýletinçiligi ösdürmek, durmuş ugurly taslamalar we başga-da köp sanly işleri öz içine alýar. Biz hemişe hyzmatdaşlyga açyk we hyzmatdaşlygymyzyň uzakmöhletli boljakdygyna umyt edýäris.
Ähtnamalara gol çekmek dabarasyndan soň duşuşygyň jemleri boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar her bir adamyň durmuşyny, saglygyny we mertebesini goramak ugrunda parahatçylygy, ynamy we raýdaşlygy berkitmek isleglerini özünde jemleýän Jarnamany kabul etdiler. Jarnamanyň doly teksti bilen şu baglanyşyk arkaly tanşyp bilersiňiz.
(1).jpg)
Bu halkara forumy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti tarapyndan taýýarlanyldy we guraldy. Forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, ol Türkmenistanyň sebitde we halkara derejesinde ynanyşmak, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçlarynyň we tagallalarynyň bir bölegi hökmünde bolup durýar.
