Telekeçi we ýazyjy Patrik Hemingueý 97 ýaşynda aradan çykdy. Ol nusgawy ýazyjy Ernest Hemingueýiň ikinji ogludy.
Patrik uzak wagtlap Afrikada ýaşady. 1951-nji ýylda Tanganikde ferma satyn alyp, syýahatçylyk firmasyny esaslandyrdy. 1960-njy ýyllarda bu işewürligini terk etdi. Ol soňra Tanzaniýadaky Afrikanyň ýabany tebigat edarasynyň kollejinde ýabany tebigaty goramak dersinden sapak berdi. Patrik Hemingueý şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň tokaý hojalygy boýunça işgäridi.
Ol ýazyjylyk bilen hem meşgullanýardy, Kakasynyň başlan ýatlamalar kitabyny tamamlady, onuň 130 hatdan ybarat ýygyndysyny neşir etdirdi. Patrik kakasynyň «Afrikanyň ýaşyl baýyrlary» we «Hoş gal, ýarag» atly romanlaryna giriş sözüni ýazdy.
Onuň yzynda gyzy Edwina, dört agtygy we ýedi çowlugy galdy diýip, «The New York Times» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
