3-nji sentýabrda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy 2026–2030-njy ýyllar üçin inçekesele gözegçilik etmek boýunça Milli strategik meýilnamany işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisini geçirdi.
Duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirilip, oňa BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň inçekesel boýunça sebitleýin geňeşçisi Askar Ýedilbaýew hem-de guramanyň bilermeni Mihail Wolik ýolbaşçylyk etdiler.
Mejlisi BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew açdy. Ol çykyşynda inçekeseli bejermek we oňa gözegçilik etmek boýunça milli görkezmeleriň täzelenmeginiň, çalt ylmy-barlaglaryň geçirilmeginiň hem-de ÝSE/BSGG tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Dünýä gaznasynyň goldawy bilen utgaşdyrylýan beýleki möhüm çäreleriň, 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşandygyny belledi.
Mejlise Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň milli iş toparynyň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lukmançylyk gullugynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.
BSGG-niň metbugat beýanatynda berilýän habara görä, täze Milli strategik meýilnama inçekeseli azaltmak, netijede bolsa saglygy we ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin ýol kartasy hökmünde hyzmat eder.
