ABŞ Mars planetasyna 2030-njy ýyllaryň başynda kosmonawtlar toparyny ugratmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça Milli edarasynyň (NASA) başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Şon Daffi «Fox News» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde habar berdi.
«Biz Marsa 30-njy ýyllaryň başynda ýetmek isleýäris, bu örän möhüm... Bu Marsa çenli sekiz sagatdan köp uçuş bolar, soňra ol ýerde galyp, ondan soňra yza dolanmaly bolar» diýip, Daffi aýtdy. Ol bu taslamada Aýa uçuşyň tejribesiniň aýgytly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.
