Gyrgyzystanda ýurduň üçünji uly şäheri Jelalabadyň adyny üýtgetmek barada başlangyjy ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle teklip bilen şäheriň häkimi çykyş etdi, ony şäher geňeşiniň deputatlary biragyzdan goldadylar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Jelalabat Gyrgyzystanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolup, ol rowaýatlara görä, adyny adamlary suwdur palçyk bilen bejeren lukman Jelaleddiniň hormatyna alypdyr. Häkimiň sözlerine görä, şäheriň täze ady Manas ýurduň taryhy we medeniýeti bilen gönüden-göni bagly bolup, ony ýaşaýjylar teklip etdiler.
Bu çözgüt Prezidentiň Jelalabat oblasty boýunça doly ygtyýarly wekiline ýollandy, meselä soňra Respublikanyň parlamenti sereder.
