Baş tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar milli ýygyndysy (U-23) Aziýanyň kubogy-2026 saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynda Hytaý Taýbeýiniň topary bilen geçiren oýunda 5:1 hasaby bilen uly ýeňiş gazandy. A toparçanyň oýny Iordaniýanyň paýtagtynda geçirildi.
Bu oýundaky hasaby 19-njy minutda Daýanç Meredow açdy. 32-nji minutda Söhbet Durdyýew türkmen toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.
Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysy 40-njy minutda Wei Çi-Çuanyň tagallasy bilen tapawudy azaltdy, ýöne üç minutdan soň Meredow arakesmeden öň dubl edip, Türkmenistanyň iki gol artykmaçlygyny dikeltdi.
Ikinji ýarymynyň başynda, 48-nji minutda Meredow garşydaşynyň derwezesine üçünji goluny geçirdi. Oýnuň 92-nji minudynda Abdyrahman Annamyradowyň geçiren goly gutarnykly hasap boldy.
6-njy sentýabrda Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy ikinji tapgyrda Butanyň topary bilen duşuşar. Şol günüň özünde Hytaý Taýbeýi Iordaniýa bilen oýnar.
Aziýanyň kubogy-2026 ýaşlar saýlama ýaryşynda ýygyndylar 11 saýlama toparçasyna bölünip, oňa 44 topar gatnaşýar. Toparçanyň ýeňijileri we ikinji ýerleri eýelän toparlaryň arasyndan iň gowularynyň dördüsi ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Aziýanyň kubogy U-23 ýaryşynyň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 7-25-nji ýanwarynda Saud Arabystanynda geçiriler.
