3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2025-nji ýyl boýunça Meýletin milli synlara (MMS) taýýarlyk işlerine bagyşlanan çärä gatnaşdylar.
Bu çäre BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) Sebitleýin bölümi tarapyndan guraldy we Almaty şäherinde geçirildi. Ol Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak boýunça Dokuzynjy köptaraplaýyn forumyň çäklerinde bolup geçdi.
Foruma Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýa Federasiýasyndan döwlet gullukçylary we beýleki wekiller hem gatnaşdylar. Şeýle hem raýat jemgyýetiniň guramalarynyň, hususy ulgamyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň we ylym ulgamynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Seýitnur Japarow Türkmenistanda MMS taýýarlamak işleri barada çykyş etdi. Hususan-da, häzirki wagtda 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň baş strategiýasy bolup durýandygy bellenildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň DÖM-leri amala aşyrmaga ýokary derejede ygrarlydygyny tassyklaýar.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistan eýýäm iki gezek – 2019-njy we 2023-nji ýyllarda DÖM-leriň ýerine ýetirilişi boýunça MMS-ni Nýu-Ýorkda geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumda hödürledi. Indiki MMS-ni Türkmenistan 2027-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň DÖM-leri durmuşa geçirmäge bolan ygrarlylygy her bir raýatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durnukly ösüşiň bitewi nusgasyny döretmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Döwlet býujetiniň, takmynan, 75 göterimi saglygy goraýyş, bilim, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny gowulandyrmak we durmuş üpjünçiligi ýaly sosial ulgamlaryň ösüşine gönükdirilýär.
Döwlet maksatnamalaryna utgaşykly baha berilişi DÖM-leriň 85 göteriminiň Türkmenistanyň milli we döwlet maksatnamalaryna goşulandygyny tassyklady.
Bu çäre DÖM-leriň amala aşyrylyşynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, sebitleýin derejede 2030-njy ýyla çenli gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça görülýän tagallalar baradaky maglumatlary paýlaşmak, şeýle hem agza döwletlere Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öz ösüşlerini seljermäge goldaw bermek üçin netijeli meýdança boldy.
Demirgazyk we Merkezi Aziýanyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça forumy sentýabryň 5-ne çenli dowam eder.
