Londonda Temza derýasyny 180 tonna çygly elsüpürgiç «adasyndan» arassalaýarlar. Hammersmit etrabynda şeýle möçberde zir-zibil döredi. Bu derýanyň akymynyň üýtgemegine getirdi we ýerli ekoulgam üçin çynlakaý howp döredýär diýip, Londonyň port edarasy habar berdi.
Mesele ýaşaýjylaryň çygly elsüpürgiçleri unitazlara taşlamagy bilen baglylykda döredi. Bu önüm plastiki süýümli bolup, suwda dargamaýar. Birnäçe ýylyň dowamynda Temzada galyňlygy metre golaýlaýan we uzaklygy 250 metre golaý galyndy gatlagy emele geldi, oňa «Wet Wipe Island» diýip at berdiler.
Awgustyň ortasynda zibili aýyrmak boýunça giň gerimli işlere başlanyldy, bu maksat üçin agyr tehnikany we ekskawatorlary ulanýarlar. Olaryň kömegi bilen işçiler zibilleri konteýnerlerde daşaýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.
