Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda bu ýerde halkara guramalaryň täze desgalaryň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalary gowşuryldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda informatika we maglumat tehnologiýalary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynda sanly bilim ulgamynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň halkara standartlara laýyklykda üpjün edilendigi üçin Minnetdarlyk haty gowşuryldy.
Şeýle hem täze okuw binasynyň gurluşygynda energiýany netijeli peýdalanmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalaryň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürýän enjamlaryň, suwy tygşytly ulanmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylandygy; durnukly energetikany ösdürmek bilen bagly çäreleriň yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýandygy hem-de bu çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam berilýändigi barada Latwiýanyň Durnukly gurluşyk geňeşi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Ýaşyl» güwänamalar berildi.
Mundan başga-da, täze okuw binasynyň gurluşygynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň görkezijileri boýunça Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýörite güwänamasy gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
