Hytaýyň Týanszin şäherindäki Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti üstünlikli geçdi we netijeli boldy diýip, HHR-iň daşary işler ministri Wan I beýanat berdi. Ministr bu barada SHG-niň sammitiniň jemleri boýunça metbugat ýygnagynda aýtdy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Ady tutulan sammit Hytaýyň Týanszin şäherinde 31-nji awgust — 1-nji sentýabr aralygynda geçdi we oňa 20-den gowrak daşary ýurt Liderleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy 2001-nji ýylda döredildi. Oňa Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan, Özbegistan we Belarussiýa girýär. Synlaýjy ýurtlar: Owganystan we Mongoliýa. Dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlar: Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, Katar, Küweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Türkiýe we Şri-Lanka.
