1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy diýip, TDH habar berýär.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurduň ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda ýaş nesillere bilimler we ylymlar dünýäsinde üstünlikler arzuw edilýär.

Ýurduň bilim edaralarynda ilkinji okuw sapagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de şu ýylda 30 ýyllygy bellenilýän hemişelik Bitaraplyga bagyşlandy.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabatda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi.
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýady emele getirýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi diýip, çeşmede bellenilýär.
