Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji sentýabrda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynyň barşynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy. Hususan-da, uniwersitete:
— Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň Türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde ýörite baýraklary;
— Sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamasy;
— “Saybolt” kompaniýasynyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasy;
— “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.
Täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.
Açylyş dabarasynda bular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadag uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýakyn geljekde bu ýere sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagynyň bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belledi. Bu barada TDH ýazýar.