«Geljegiň serhedi» diýen blokbasteriň režissýory Dag Laýman «Killing Satoshi» («Satosini ýok edip») diýen täze trilleriň taslamasyna girişer. «Variety» neşiriniň ýazmagyna görä, çeper film XXI asyryň iň özüne çekiji syry: bitkoin kriptopuluny döreden, hakyky adyny gizlin galdyran Satosi Nakamoti diýen galp atly şahsyýete bagyşlanar.
Filmde baş keşbi aktýorlar – «Oskar» baýragynyň eýesi Keýsi Afflek we Pit Dewidson ýerine ýetirerler.
«Killing Satoshi» filminiň surata alnyşy şu ýylyň güýzünde Londonda başlanar we 2026-njy ýylda ekrana çykar.
Satosi Nakamoto – bitkoiniň protokolyny işläp düzen we onuň ilkinji programma üpjünçiligini işe goýberen adamyň ýa-da toparyň lakamydyr. Köpsanly synanyşyklara garamazdan, bitkoini döredijiniň hakyky şahsyýetini anyklamak heniz hem başardanok.
