Rowaýaty aýdymçy Maýkl Jeksonyň muşdaklary Russiýanyň paýtagtynyň köçesinde tans etdiler. Bu barada «Mash» telegram-ýaýlymyna salgylanýan «tv.mail.ru» habar berdi.
Amerikaly artistiň diňleýjileri aýdymçy Fedor Şalýapiniň ýadygärliginiň ýanynda pop-aýdymçynyň doglan güni mynasybetli ýygnandylar. Şu ýylyň 29-njy awgustynda Jekson 67 ýaşamalydy.
Tansçylar topary aýdymçynyň stilinde onuň aýdymlarynyň owazyna goşulyp, tans etdiler.
Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda aradan çykdy.
