Düýn Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Hytaýyň Týanszin şäherinde geçýän sammitine gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Bu barada «Life.ru» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
31-nji awgustda myhmanlary kabul etmek dabarasy boldy, ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Sammitiň esasy çäreleri şu gün geçer.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) 2001-nji ýylda Şanhaýda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri tarapyndan döredilen halkara guramasy bolup, ol terrorizme, ekstremizme we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş alyp barýar hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi bilen meşgullanýar. Häzir gurama 10 ýurt, ýagny esaslandyryjylardan başga Belarussiýa, Hindistan, Eýran we Pakistan girýär. Onuň Hytaýdaky bu ýylky çärelerine daşary ýurt döwletleriniň 20-den gowragynyň Liderleri gatnaşýarlar.
