Belarusyň «Witebsk» klubynyň goragçysy Wepa Jumaýew Merkezi Aziýanyň futbol assosiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň birinji tapgyrynda Gyrgyzystanyň garşysyna geçirilen oýunda (1:1) Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ilkinji golyny saldy. Duşuşyk Daşkendiň «Žar» stadionynda geçirildi.
24 ýaşly Jumaýew duşuşygyň birinji ýarymynyň 44-nji minutynda hasaby açdy — ol burçdan berlen topy kellesi bilen derwezä gönükdirip, gol saldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy şondan soň has tijenip, derrew hasaby deňledi — 45-nji minutda Žoel Kožo takyk urgy bilen tapawutlanmagy başardy.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary ýaryşyň «A» toparçasynda çykyş edýärler. Toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary hem 1:1 hasaby bilen duşuşygy deňme-deň netije bilen tamamladylar. Birinji tapgyrdan soň dört toparyň hemmesi bir-utuk topladylar.
2-nji sentýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Daşkendiň «Olimpiýskiý» stadionynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:30-da başlanar. Şol gün Gyrgyzystanyň ýygyndysy «Žar» stadionynda Omanyň ýygyndysynyň garşysyna oýnar.
