Rowaýaty fransuz aktýory Žan-Pol Belmondonyň agasy Alen Belmondo 93 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň ýakynlary sosial torda habar berdi diýip, «kinomail.ru» ýazýar.
Alen Belmondo doganynyň birnäçe filmleriniň prodýuseri we önümçilikçisi boldy.
Aktýor Žan-Pol Belmondo 2021-nji ýylyň sentýabrynda 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol geçen ýüzýyllygyň iň meşhur aktýorlarynyň biridi we fransuz kinosynyň nyşany hasaplanýardy.
