Hytaýly Sýao Dun diýen talyp ýigit uzak tomsy kafede gazanç etdi, ol birnäçe sagatlap gap-gaç ýuwýardy, stollaryň üstüni süpürýärdi. Boş wagty bolsa, eltelefonynda wideooýna güýmenip ýa-da sosial torlara girip, kellesini galdyrmaýardy diýip, ýerli habar beriş serişdeleri gürrüň berýär. Onuň, netijede, boýny ysmaz boldy.
Sýao Dun bir gün oýananda, kellesini galdyryp bilmedi. Ýigidi dessine hassahana eltdiler, lukmanlar onuň boýun oňurgasynda ganyň lagtalanandygyny anykladylar. Hut şol lagta hem ýigidiň arka beýnisini basyp, tas doly ysmazlyga getiren ekeni. Lukmanlar gyssagly operasiýa edip, lagtany aýyrdylar. Häzir talyp aýaklarynyň hereketini kem-kemden dikeldýär we lukmanlar onuň doly sagaljakdygyna umyt edýärler.
Lukmanlar şonuň üçin eltelefona seredilýärkä, arakesme etmegi, boýun maşklaryny ýerine ýetirmegi, boýny aşak egip köp oturmakdan saklanmagy maslahat berýärler diýip, «gazeta.ru» ýazýar.
