Dünýäniň 70-den gowrak ýurdunyň wekilleri Gündogar ykdysady foruma gatnaşmakçydyklaryny tassykladylar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Wekilçilikli toparlar daşary ýurtly işewürlerden ybarata bolar, olar – Wýetnamdan, Hindistandan, Hytaýdan, Laosdan, Malaýziýadan we Tailanddan diýip, Uşakow sözüniň üstüni ýetirdi.
Forumyň çäklerinde 100-den gowrak çäre guralar. Şeýle hem Hindistan, Hytaý, Tailand ýaly ýurtlaryň wekilçilikli toparlary bilen ikitaraplaýyn işewürlik dialoglary guralar.
3-6-njy sentýabrda Wladiwostokdaky Uzak Gündogar federal uniwersitetinde onunjy Gündogar ykdysady forumy geçer. Onuň baş temasy – «Uzak Gündogar: parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk».
