Hindistanda güýçli sil joşguny Surwal bendinden agyp, ekin meýdanlaryny we golaýdaky obalary gark etdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ýerli ýaşaýjy Şakil Ahmet şeýle gürrüň berýär: «Ýagyş her gün diýen ýaly ýagdy. Bendiň üstünden agdy. Suw bärik eňdi. Obamyz gark boldy».
Giňligi 30 we çuňlugy 17 metrlik ganaw Jadawata obasyndaky öýleri, dükanlary we ybadathanalary ýykyp-ýumurdy. Ýaşaýjylar wagtlaýyn düşelgelere göçürildi. Häkimiýetler ejir çekenlere ýitirilen hasyl we mallar üçin öweztölegi wada berýärler.
