Belgiýaly 41 ýaşly Stiwen wan Daýk meşhur «Lego» heýkeljiklerinden iň uly toplum döredip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oňa 11803 şekil girýär, bu öňki rekorddan 2 müň şekil köpdür diýp, «rbc.ru» ýazýar.
Toplum örän uly bolup, Wan Daýk ony öz öýünde dolulygyna sergiläp bilýär. Ol her bir şekiljigiň özi üçin gymmatlydygyny, sebäbi olaryň öz taryhynyň bardygyny gürrüň berýär.
Daniýalynyň toplumynda ninzýa-pyşbagalaryň, «Ýyldyz oýunlarynyň» gahrymanlarynyň, Betmeniň we Winni-Puhuň şekiljikleri hem bar. Wan Daýk üçin britan esgeriniň şekiljigi aýratyn gymmatly, sebäbi ony «Legonyň» Londondaky täze açylan dükanynyň guran bäsleşiginde edinipdir. Ol şol gezek dükana girmek üçin alty sagat nobata durup, baýrak hökmünde goýlan şekiljikleriň 250-sinden birini utmagy başarypdyr.
