Azerbaýjanyň «Karabah» futbol kluby saýlama pleý-off tapgyrynyň ikinji oýnunda Wengriýanyň «Ferenswaroş» toparyna 2:3 hasabynda ýeňildi, ýöne birinji oýundaky ýeňşiniň netijesi boýunça ýaryşyň esasy tapgyryna geçmegi başardy.
Duşuşyk Bakuwyň «Azersu Arena» stadionynda geçirildi. Myhmanlar Lenni Žozefiň geçiren pökgisi bilen 12-nji minutda hasaby açdylar. Ýöne ýer eýeleri ilkinji ýarymda Leandru Andradeniň (25-nji minut) we Abdella Zubiriň (45-nji minut) geçiren gollary bilen öňe saýlanmagy başardylar. Ikinji ýarymda «Ferenswaroş» oýnuň barşyny üýtgetmegi başardy: ilki Barnabas Warga 55-nji minutda penalti urgusyny dürs ýerine ýetirdi, soňra Aleks Tot 82-nji minutda aýgytlaýjy topy garşydaşynyň derwezesine saldy.
Iki oýnuň jemi boýunça «Karabah» 5:4 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, esasy tapgyra geçdi. Budapeştdäki ilkinji oýunda Azerbaýjanyň topary 3:1 hasaby bilen garşydaşyndan ynamly ýeňiş gazanypdy.
«Karabah» üçin bu klubyň taryhynda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan ikinji gezek çykyşydyr. Ozal topar 2017/18-nji ýylyň möwsüminde ýaryşa gatnaşyp, Italiýanyň «Roma», Angliýanyň «Çelsi» we Madridiň «Atletiko» toparlary bilen bir toparçada dördünji orny eýeläpdi.
2024/25-nji ýylyň möwsüminiň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişligi şu gün Monakoda geçiriler.
