Kolumbiýaly alymlar öň adamzadyň ylma belli bolmadyk şahasyny tapdylar. Bu barada «Reuters» agentligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Gadymy galyndylar 1992-nji ýylda geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar wagty ele salyndy, olaryň ýaşy 6 müň ýyl töweregi diýlip hasaplanýar.
Täze topar ýurduň Nemokon munisipalitetiniň Çekua diýen ýerinden tapylandygy bilen baglylykda, Çekua diýlip atlandyryldy.
Tapyndynyň DNK ulgamyny öwrenen alymlar onuň özbaşdak adamzat urugydygy barada netijä geldiler. Kolumbiýanyň Milli genetika institutynyň alymy Andrea Kasas bu barada: «Bu täze genealogik ugur» diýdi.
Makalada bu urug howa şertleri, kesel ýa-da azyk ýetmezçiligi sebäpli ýok bolupdyr diýlip çaklanýar.
