Daşoguz welaýatyndan bolan harby gullukçy harby gullugy geçýän döwri gözüniň görüjiligine zyýan ýeten üçin 40 müň manat möçberinde kömek puluny aldy we harby gullukdan möhletinden öň boşadyldy. Bu barada TDH-niň saýtynda çap edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumatynda habar berilýär.
Resminamada bellenilişine görä, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy I.I. çagyryş boýunça harby gullugy geçýän döwri gözüniň görüjiligine zyýan ýeten ogly M.I. saglygynyň dikeldilmegine ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberildi.
Arza seredilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Goranmak we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň 2017-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky 277/381 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda» Düzgünnama laýyklykda 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Merkezi harby lukmançylyk toparynyň çözgüdi bilen M.I. gözüne goýlan kesel kesgidi esasynda harby gullukdan möhletinden öň boşadylyp, gözüni gaýtadan lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin goşmaça 40000 manat möçberinde kömek pulunyň berlendigi barada habar berildi.
