Türkmenistanda Adalatçynyň gatyşmagyndan soň adamy öz-özüni öldürmäge mejbur etmekde aýyplanýan raýat O.S. garşy jenaýat işi açyldy. Bu barada TDH-niň saýtynda çap edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumatynda habar berilýär.
«Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Z.M. zorlukly hereketleriň netijesinde gyzy G.R. öz janyna kast edip ölendigi baradaky waka boýunca O.S. jenaýat jogapkärçiligine çekilmändigine nägilelik bildirip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirilen barlagyň netijesinde, 2003-nji ýylda doglan G.R. öz öýlerinde özüni asyp aradan çykandygy baradaky habar boýunça Akdepe etrabynyň prokuraturasy tarapyndan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-nji we 215-nji maddalaryna laýyklykda barlag işleriniň geçirilendigi we 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda O.S.-yň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bölegi (öz-özüni öldürmäge mejbur etmek) bilen jenaýat işi gozgalyp, aýyp bildirlip, tussag astyna alynyp, deslapky derňew işleriniň alynyp barylýandygy barada habar berildi» diýlip, Maglumatda bellenilýär.
Maglumatda bellenilişine görä, Adalatçynyň Diwanynyň önümçiligine kabul edilýän arzalaryň käbirlerinde ýüz tutýan raýatlaryň jenaýat edenlere çäre görülmeýändigine nägilelik bildirip, bu meselede ýardam berilmegi soralýar. Adalatçynyň iberýän ýüztutmalary ygtyýarly edaralar tarapyndan barlanmagy netijesinde olaryň käbirleri kanagatlandyryldy we olar aşakdaky mysallarda görkezildi.
