Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky talyplar üçin ýeňillikli karzlary hödürleýär. Bu karzlaryň ýyllyk göterim derejesi 5% bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin niýetlenendir.
«Talyp karzyň» iň ýokary mukdary 42 müň manat, töleg möhleti bolsa üç ýyla çenlidir.
Bankda belleýişlerine görä, bu maksatnama ýaşlary goldamaga, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge we başarnyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manat möçberine çenli iki ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy we 15 000 manatdan ýokary 42 000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul edilýär.
Karz almak üçin arza bankyň www.dayhanbank.gov.tmresmi saýty arkaly onlaýn görnüşde kabul edilýär. Bankyň şahamçalary ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýär.
Maglumat almak üçin telefon berlgileri:
- Aşgabat: 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85;
- Ahal welaýaty: (8-00-137) 3-34-39;
- Balkan welaýaty: (8-00-246) 5-21-51;
- Daşoguz welaýaty: (8-00-322) 9-35-07;
- Lebap welaýaty: (8-00-422) 9-13-48;
- Mary welaýaty: (8-00-522) 6-76-40.
