Ilçi Sapar Pälwanow Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ýewropa Komissiýasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin halkara hyzmatdaşlyk boýunça müdiri Piteris Ustubs bilen duşuşdy.
Söhbetdeşlikde taraplar ÝB — Merkezi Aziýa görnüşindäki duşuşyklary, ýagny Lýuksemburgdaky ministrler duşuşygyny we Daşkentdäki forumlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar berşi ýaly, Aşgabatda 2026-njy ýylda ÝB — Türkmenistan işewürler forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Söhbetdeşler ähli ugurlarda, şol sanda ulag, energetika, sanly we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler.
